Soňky habarlar

Arhiw

19-njy fewralda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ählihalk baýramyny — Döwlet baýdagynyň gününi belledi

23:5519.02.2015
0
7280

Aşgabat, 19.02.2015. “Türkmenportal”.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşen, dünýäde iň beýik sütünleriň biri bolan 133 metrlikdäki baýdak sütüniniň etegine dabaraly ýagdaýda ajaýyp gül desselerini goýdy. Dabara gatnaşyjylaryň müňlerçesi döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerdiler.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralan dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden ýaýbaňlandyryldy. Olar türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, şöhratly ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine ygrarlylygyny, eziz Watanymyzyň döredijilik ýoly bilen, ösüşiň we rowaçlygyň belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe — täze zähmet ýeňişlerine barýandygyny alamatlandyrdy.

Şu gün paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Döwlet baýdagynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan resmi kabul edişlik grçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň