Ýaş serhetçiler Türkmenistanyň Prezidentini Watanymyzyň goragynda berk durjakdyklaryna ynandyrdylar

23:2419.02.2015
0
4308

Aşgabat, 19.02.2015. “Türkmenportal”.

18-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Aşgabat serhet birikmesiniň “Asuda” serhet galasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň goragynda berk durýan gaýduwsyz serhetçileriň döwrebap gullugy, söweş endiklerini ele almagy, türgenleşik geçmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ýokary derejede ähli şertler döredilipdir.

Serhet galasynyň täze binalar toplumynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda, serhetçi itleriň we bedew atlaryň göwnejaý derejede saklanmagy üçin ýöriteleşdirilen ýataklar hem gurlupdyr.
Olarda serhetçi itleri we atlary saklamak, olar bilen zerur bolan türgenleşik işlerini geçirmek üçin ähli amatlyklar, zerur mümkinçilikler üpjün edilipdir. Bu bolsa Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň goragynda durýan itleriň we bedewleriň işiniň, olaryň hereketiniň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Serhet galasynyň täze binalar toplumynyň aragatnaşyk otagy iň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylyp, häzirki zamanyň harby ylmynyň täze gazananlary, ýöriteleşdirilen tehnikalary bilen üpjün edilipdir.

Bu ýerde oturdylan monitorda “Asuda” serhet galasyna degişli çäklerde Döwlet serhediniň gije-gündiz goraglylygyny görkezýän enjamlar hereket edýär. Onuň kömegi bilen şol çäklere wideogözegçilik edip bolýar we elektron tehnologiýasy arkaly habarlaşylýar.

Serhetçileriň ygtyýarynda bar bolan täze aragatnaşyk we dolandyryş serişdeleri döwlet serhet gullugynda ýüze çykýan ýagdaýlara dessine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow serhetçileriň ýatak jaýy bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde serhetçileriň gulluklary bilen bir hatarda, olaryň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen hem tanyşdy. Ýatylýan otagy gözden geçirip, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlaryň ünsüni ýaş esgerleriň göwnejaý dynç alşyna, olaryň gullukdan boş wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmeklerine aýratyn ähmiýet bermäge çekdi.

Soňra hormatlyPrezidentimiz serhet galasynyň naharhanasyna baryp gördi. Milli Liderimiz bu ýerde gulluk edýän aşpezleriň iş şertleri, aşhananyň enjamlaşdyrylyşy hem-de taýýarlanylýan tagamlaryň görnüşleri, olaryň ýokumlylyk derejesi bilen içgin gyzyklandy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy naharhanada çaý başynda serhetçi esgerler bilen söhbetdeş boldy. Şeýle hem milli Liderimiz serhetçiler bilen bolan gürrüňdeşlikde olaryň gulluk we durmuş şertleri, geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy.

Soňra ýaş serhetçiler özleriniň ukyplaryna görä başarnyklaryny aýdym-sazyň, goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler, dutar çalyp, aýdym aýtdylar, üflenip çalynýan saz guralynda we akkordeonda ajaýyp sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem olaryň käbiri goşgy ýazmak bilen meşgullanýandygyny mälim edip, täze döreden goşgularyndan okap berdi.

Ýaş Serhetçiler atalyk aladasy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, mähriban Watanymyzyň goragynda berk durjakdyklaryna, halkymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň