Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasy: Gelzenkirhendäki ýeňiş we Bazeldäki deňlik

21:4819.02.2015
0
3169

 Aşgabat, 19.02.2015. “Türkmenportal”.

Çarşenbe güni Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň 2 duşuşygy geçirildi. Gelzenkirhende ýerli “Şalke” Madridiň “Realyndan” asgyn geldi —0:2. Şweýsariýada bolsa “Bazel” bilen “Porto” deň oýnadylar — 1:1.

“Şalke” “Reala” garşy atly “eseriň” teswirinden köpler nemes toparyndan geçen ýylky ýaly kemsitmä garaşypdylar. Çünki geçen ýyl Çempionlar ligasynyň şu tapgyrynda madridliler garşydaşlaryndan kokkeý hasabynda üstün çykypdylar (1:6). Şeýle-de bolsa, bu gezek Gelzenkirhenliler has mynasyp hasap bilen ýeňildiler. Netijede Ronaldudyr Marselonyň geçiren pökgüleri jogap duşuşygynyň öňüsyrasynda “Reala” özüni örän arkaýyn duýmaga mümkinçilik berýär.

“Bazel” bilen “Portunyň” oýnunda başda kimiň ýeňşe has ýakyndygyny aýtmak ýeňil düşmedi. Çärýek finala çykmak mümkinçiligi iki topar üçinem deňräk ýaly göründi.

“Bazeliň” ilkinji hüjümi netijeli tamamlandy. Derlis Gonsales şikes alan-da bolsa, öz toparyny öňe çykardy. Ýöne 79-njy minutda Danilo 11 metrlik urgudan hasaby deňledi.

Ispaniýada we Portugaliýada geçiriljek jogap duşuşyklary 11-nji martda geçiriler.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň