Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady

0
456
0
0

 Aşgabat, 19.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bu gün ýurduň ähli künjeklerinde giňden bellenilýär. Bitewüligi we parahatçylyk söýüjiligi alamatlandyrýan bu baýram mynasybetli geçirilýän dabaralar beýik gelejegine tarap uly ynam, aýgytly gadamlar bilen barýan türkmenistanlylarda eziz Watanymyza bolan çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli watandaşlaryny gutlady. Döwlet Baştutany Gutlagynda Gözel we ajaýyp tebigatymyzyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren Döwlet baýdagymyzyň güni aýratyn ähmiýetli şanly senedir — milli jebisligimizi, agzybirligimizi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan wepalylygymyzy, söýgimizi hem-de çuňňur hormatymyzy dabaralandyrýan baýramdyr diýip belledi.

Döwlet baýdagymyzyň gadyr-gymmatyny has-da ýokarlandyrmak, nesilleri watançylyk we belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde belent sütünli Baş baýdak meýdançasyny döretdik. Bu bolsa her bir türkmenistanlynyň ata Watanymyza buýsanjyny, ýaşyl Tugumyza guwanjyny, il-günümize sylag-hormatyny has-da artdyrar.

Goý, dillerimiziň senasyna, göwünlerimiziň buýsanjyna öwrülen eziz Watanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Döwlet baýdagy asuda asmanda baky parlap dursun!        

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru