“Altyn asyr” toparyny ýaryşdan çykaran topar AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň toparlaýyn bölegine düşüp bilmedi

0
497
0
0

Aşgabat, 18.02.2015. “Türkmenportal”.

Bir hepde töweregi mundan ozal Aşgabatda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň çempiony “Altyn asyry” ýeňlişe sezewar eden Ýemeniň “Al-Sakry” Aziýanyň ikinji derejeli klub bäsleşigindäki çykyşyny bes etdi. Ýemeniň üç gezek çempiony ikinji gün Bahreýniň “Al-Hidd” toparyndan 1:2 hasabynda ýeňildi. Oýun Bahreýniň paýtagty Manamanyň Milli stadionynda bary-ýogy 480 tomaşaçynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýer eýeleri 17-nji minutda hasaby açdylar. Pökgini Said Mohammad geçirdi. 52-nji minutda Akarandut Nikodemus Orak hasaby 2:0-a ýetirdi. Ýemenli futbolçylara 64-nji minutda bir jogap pökgüsini geçirmek başartdy. Netijede “Al-Sakr” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda çykyşyny bes etmeli boldy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru