Aşgabat, 18.02.2015. “Türkmenportal”.
Belgorodyň “Belogorýe” woleýbol topary Çempionlar ligasynyň “12 tapgyr” böleginiň jogap duşuşygynda Türkiýäniň “Halkbankyndan” ýeňlip, bu ýaryşyň hereket edýän ýeňijisi hökmünde bu bäsleşikdäki çykyşyny tamamlady.
Düýn Belgorodda geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Ilkinji duşuşyk hem hut şeýle netije beripdi, ýöne onda türk topary ýeňiş gazanypdy. Şeýlelikde, goşmaça “altyn setde” “Halkbank” 15:11 hasabynda rüstem geldi.
“Altylar böleginde” türk topary “Zenit” (Kazan) — Pýaçensa (Italiýa) duşuşygynyň ýeňijisi bilen güýç synanyşar.