Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda gurulýan Olimpiýa şäherjigine baryp gördi

01:4018.02.2015
0
6268

 Aşgabat, 18.02.2015. “Türkmenportal”.

17-nji fewralda ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda gurulýan Olimpiýa şäherjigine baryp gördi hem-de şol ýerde bu sport desgalarynyň iri toplumynyň gurluşygynyň we abadanlaşdyrylyşynyň barşy, şeýle hem onuň desgalarynyň birnäçesiniň taslamalary bilen tanyşdy.

Bu täsin toplum sport we beýleki maksatly desgalaryň 30-dan gowragyny özüne birleşdirýär. Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň noýabrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda onuň düýbi tutulypdy.

Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlary geçiriler.

Ýaryşlara Aziýa döwletlerinden başga-da, Okeaniýanyň ýurtlary (Awstraliýa, Täze Zelandiýa, Polineziýanyň we Mikroneziýanyň köp sanly ada döwletleri) hem gatnaşar. Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygynda hem işler giň gerimde alnyp barylýar. Häzirki günde şäherjigiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz 450 orunlyk döwrebap myhmanhana baryp gördi, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň, welosiped sürmek üçin niýetlenen ýodalaryň we beýleki ugurdaş desgalaryň gurluşygy, olarda ulanylýan serişdeler bilen gyzyklandy. Oňaýly otaglardan başga-da, binagärlik bezegi babatda özboluşly bolan bu binada dürli möçberdäki orunlara niýetlenen maslahat zallary, kafe-bar, dükanlar, dellekhana, fitnes-salon, saunalar, üsti ýapyk we açyk suwa düşülýän howuzlar hem-de beýlekiler ýerleşýär. Bu ýerde myhmanlara döwrebap hyzmatlaryň köp görnüşi, şol sanda sagaldyş çäreleri hödürlener.

Döwlet Baştutanynyň garamagyna Olimpiýa şäherjiginiň 1-nji, 2-nji we 3-nji nobatdakysynyň Baş meýilnamasy, şeýle hem birnäçe desganyň taslamalary, şol sanda türgenler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik-medeni merkeziň, 45 müň orunlyk täze Olimpiýa stadionynyň, 4 müň orunlyk üsti ýapyk tennis meýdançasynyň taslamalary, olaryň ýerleşişiniň çyzgylary, binalaryň we desgalaryň içki we daşky bezegleriniň görnüşlerini simwoliki Olimpiýa monumentiniň görnüşleri hödürlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň