Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda baýramçylyk konserti geçirildi

00:5318.02.2015
0
2738

 Aşgabat, 18.02.2015. “Türkmenportal”.

17-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan täze möhlete saýlanmagynyň we wezipä girişmeginiň üç ýyllygyna bagyşlanаn baýramçylyk konserti uly dabaralara beslendi.

Meşhur sazandalar we halk bagşylary, görnükli estrada aýdymçylary hem-de halk döredijilik toparlary, tans toparlary hakyky ählihalk söýgüsiniň hem-de öz milli Gahrymanyna — Arkadagyna buýsanç duýgusyny öz sungatlary bilen beýan etdiler.

Baýramçylyk konsertiniň joşgunly sazy we sözleri häzirki wagtda hakyky ösüş döwrüni, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şöhratly ady bilen aýrylmaz baglanyşykly eýýamy, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana raýatlarymyzyň belent buýsanç we bagtyýarlyk duýgusyny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň