Dünýä metbugatynyň sahypalarynda

0
612
0
0

Aşgabat, 17.02.2015. “Türkmenportal”.

«Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportyny artdyrmak boýunça mümkinçilikleri» – şu mesele häzir dünýä metbugatynyň üns merkezinde durýar diýip “Nebit-gaz” gazeti belleýär.

Esasy daşary ýurt habarlar agentlikleri, metbugat we elektron neşirleri öz täzeliklerinde Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde geçen hepdede çap edilen habaryny ýerleşdirdiler.

Internet ulgamynda ýerleşdirilen köp sanly habarlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly goruna eýe bolup durýar. Ol bilermenleriň baha bermegine görä, şertleýin ýangyjyň 71,2 milliard tonnasyna deň bolup, onuň 53 milliard tonnasy gury ýerde, 18,2 milliard tonnasy bolsa deňiz böleginde ýerleşýär. Şol goruň has agramly bölegi – 70 göterimden gowragy tebigy gazyň paýyna düşýär.

«Tebigy gazyň gory boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň öz tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak üçin halkara gaz bazaryna çykýan ugurlaryny has-da giňeltmäge çalyşmagy öz-özünden düşnüklidir» diýlip, dünýä belli internet-portallarynda, şol sanda CA-NEWS we TREND (Azerbaýjan) portallarynda aýdylýar.

Energiýa serişdelerini iberýän iri döwlet hökmünde Türkmenistanyň artýan ähmiýetine Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýanyň, Özbegistanyň habarlar neşirleri üns berýärler. Şunda giň gerimli energetika taslamasy — Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy mysal hökmünde getirilýär, onuň dördünji şahasyny 2017-nji ýylda ulanmaga bermek bellenildi.

«Türkmenistanyň geljekde eksport edýän gazynyň her ýylda 10 milliard kubmetre çenli artmagyny nazara almak bilen, ýangyjyň möçberi bir ýylda harytlyk gazyň 160-170 milliard kubmetrine ýetip biler» diýip, Logistic.ru,Oilnews.kz, 12news.uz, Neftegaz.kz. Kant.kg we beýleki habar neşirleri öz saýtlarynda habar berýär.

Gaz ýataklarynyň kuwwatyny nazara almak bilen, Türkmenistan tebigy gazyň eksportynda ähli ugurlar, şol sanda Eýran, Russiýa, Hytaý ugurlary boýunça iberilmegini, TOPH we Hazarüsti taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini, şeýle hem beýleki mümkin bolan gaz-eksport ugurlary boýunça doly üpjün edip biljekdigini ynamly aýdyp bolar. Dünýä işewürleriniň bähbitleriniň möhüm ugry bolan nebitgaz meselesine ýöriteleşen bilermenleriň we seljerijileriň köpüsi şeýle netijä gelýär diýip, “Nebit-gaz” gazeti belläp geçýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru