“Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekildi

0
810
0
0

 Aşgabat, 17.02.2015. “Türkmenportal”.

16-njy fewralda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli iş kesilenleriň günäsini geçmek hakyndaky” Türkmenistanda iri milli baýramlaryň öňüsyrasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlaryň günäsini geçmek indi däbe öwrüldi.

Degişli Permana gol çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar baýramçylyk günleri öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle sahawatly çäreleri geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaga mümkinçilik döredilýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutany welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru