Eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna

0
1011
0
0

Aşgabat, 17.02.2015. “Türkmenportal”.
 
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyz milli senenamasyndaky ähmiýetli wakasy — seneleriň birini—Döwlet baýdagynyň gününi bellemäge taýýarlyk görýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň mukaddes Tugy ýurdumyzyň esasy döwlet nyşanlarynyň biri bolmak bilen, türkmen halkynyň mizemez agzybirligini we jebisligini, milletiň gadymdan gelýän gymmatlyklary bolan parahatçylyk we ylalaşyk, ynsanperwerlik we döredijilik ýörelgeleriniň ebediligini alamatlandyrýar. Şol gymmatlyklar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň esasyny düzüp, bu syýasat biziň ýurdumyza halkara abraýyny getirdi.
 
Döwlet Baştutanymyzyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam edýän esasy şert hökmünde dünýäniň energetika  howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlary eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen bu oňyn syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.  BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan "Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty" hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi şol başlangyçlaryň möhümdigine we olaryň dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw  tapandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
 
Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti bolmak bilen, öz baý uglewodorod serişdelerini tutuş adamzadyň hyzmatynda goýmaga çalyşýar. Biziň ýurdumyz bu ugurda öňdengörüjilikli, oýlanyşykly strategiýany amala aşyrmak bilen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, köpugurly turba geçiriji düzümi diwersifikasiýalaşdyrmak we ýangyç-energetika toplumynda deň hukukly özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrunda çykyş edýär.
 
Häzir Amyderýanyň sag kenarynda, Hazar deňziniň türkmen böleginde we   ýurdumyzyň beýleki  sebitlerinde nebit we gaz ýataklarynyň 180-den gowragy açyldy, geljegi uly bolan nebit we gaz düzümleriniň müňden gowragy ýüze çykaryldy. Tebigy gazyň tassyklanan gorlary boýunça Türkmenistan dünýäde 4-nji orny eýeleýär. munuň özi halkara auditor kompaniýalary tarapyndan birnäçe gezek tassyklanyldy. Ynha, häzirki wagtda bilermenler “Galkynyş” we “Ýaşlar” gaz ýataklarynyň gorlaryny 26 trillion 200 millirad kub metr gaz möçberinde kesgitleýärler, bu bolsa şol ägirt uly gaz känini dünýäniň ikinji ornuna çykarýar. Ýurdumyzyň umumy kuwwaty bolsa nebit ölçeginde 71,2 milliard tonna deň bolup durýar.
 
Şunuň bilen baglylykda, häzir Türkmenistanyň halkara tejribesinde kabul edilen ýataklaryň gorlaryny, nebitiň we gazyň mümkin bolan we çaklanýan serişdelerini toparlara bölmäge taýýarlyk görýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ulanylýan bu ulgam nebitgaz senagatynda geçirilýän geologiýa-gözleg, buraw we beýleki işleriň barşynda alnan ähli maglumatlary özünde jemleýär. Ol uglewodorod serişdeleriniň bar bolan gorlaryny takyk kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, olary senagat taýdan işlemegiň ykdysady kesgitlemesini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu ulgam eýýäm auditor barlagy we ýurdumyzyň käbir ýataklarynyň gorlaryny sertifikatlaşdyrmak işleri geçirilende ulanyldy.    
 
Türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna  iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmak babatda uly işler geçirilýär. Ýeri gelende ýatlasak, 2009-njy ýylyň dekabrynda türkmen gazynyň Russiýa we Eýran ugurlaryna täze ugur – Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisi goşuldy. Häzirki wagtda bu gaz geçirijiniň üç şahasy gurlup, olaryň umumy kuwwaty 55 milliard kub metre ýetdi. 4-nji şahanyň gurluşygy dowam edýär, onuň ulanmaga berilmegi tebigy gazyň Hytaý bazaryna iberilýän möçberini 65 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik berer.
 
Kuwwaty 1 ýylda 33 milliard kub metre barabar boljak Türkmenistan– Owganystan–Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy hem Aziýanyň energetika ulgamynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuny berkider.  Mundan başga-da, uzynlygy 800 kilometre golaý bolan Gündogar-Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Ol Türkmenistanyň Gündogar gaz ýataklaryny Hazar deňziniň kenary bilen baglanyşdyrar. Bu gaz geçiriji ýurdumyzyň ähli iri ýataklaryny bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdirmäge mümkinçilik berer.
 
Nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmekde hem uly üstünlikler gazanyldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkuny täzelemäge we döwrebaplaşdyrmaga ägirt uly maýa goýuldy. Bu bolsa daşary ýurtly sarp edijileriň uly islegine eýe bolan önümleriň görnüşini artdyrmaga mümkinçilik berdi. TNGIZ toplumyny we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak çig nebitiň çykarylýan möçberini we düýpli  işlenmegini artdyrmaga gönükdirilendir.
 
Nebiti we gazy gaýtadan işleýän pudaklaryň mümkinçilikleri hakynda aýtmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýa saparynyň aýratyn ähmiýetini bellemek gerek. Şol saparyň çäklerinde Türkmenistanda täze nebit we gaz himiýa desgalaryny gurmak boýunça täze şertnamalar üçin esas bolan resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Olaryň hatarynda geçen ýyl badalga berlen sebitde iri—Gyýanlydaky polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody gurmagyň taslamalary bar.
 
Olaryň hatarynda geçen ýyl amala aşyrylyp başlanan Gyýanlydaky polietilen we propilen öndürmek boýunça sebitde iň iri gazhimiýa toplumynyň, şeýle hem Ahal welaýatyndaky benzin we tebigy gaz öndürmäge niýetlenen zawodyň gurluşygynyň taslamalaryny görkezmek bolar. 
 
Biziň ýurdumyzda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary möhüm wezipeleriň birnäçesini, şol sanda nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak boýunça wezipäni çözmeli. Umuman, energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlarynyň dünýä döwletleriniň işewür hyzmatdaşlary we esasy kompaniýalary bilen bilelikde netijeli özleşdirilmegi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin çäksiz mümkinçilikleri açýar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru