17-nji fewral taryhda

00:0917.02.2015
0
2297

Aşgabat, 17.02.2015. «Türkmenportal». 

2014-nji ýyl – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Sportuň gyşky görnüşleriniň sport toplumyna baryp, Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara hokkeý ýaryşynyň final oýnuna tomaşa etdi. Biziň ýurdumyzda ikinji gezek geçirilen halkara ýaryşa Russiýadan, Ukrainadan, Belarusdan, Gazagystandan we Türkmenistandan 8 komanda gatnaşdy.

2009-njy ýyl – Demirgazyk deňizde nebit döküldi.

2000-nji ýyl – Leýk–Plesidde (ABŞ) “Mährili erk-isleg oýunlarynyň” açylyşy boldy.   

1994-nji ýyl – GDA döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylary “Guramaçylykly jenaýata garşy göreşmekde bilelikde hereket etmek boýunça ylalaşyga gol çekdiler.

1983-nji ýyl – kompýuter programmasynyň diliniň döredilen güni.

1947-nji ýyl – hukukçylaryň halkara assosiasiýasyny esaslandyrdylar.

1852-nji ýyl – Ermitažy halk köpçüligi üçin açdylar.

Öz-özüňden ýagşylyk etmek güni – her ýylyň 17-nji fewralynda halkara haýyr-sahawat guramalarynyň tagallasy bilen bütin dünýäde bellenilýär. Bu baýram öz gözbaşyny ABŞ-dan alyp gaýdýar.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň