Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Meret Gylyjowyň sergisi sungat muşdaklarynyň kalbyny joşdurýar

21:2716.02.2015
0
5684

 Aşgabat, 16.02.2015. “Türkmenportal”.

16-njy fewralda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda türkmen enjam grafikasynyň ussatlarynyň biri, Türkmenistanyň sungatda at gazanan ussady Meret Gylyjowyň şahsy sergisi açyldy.

Meret Gylyjow 1969-njy ýylda Türkmenistanyň Şota Rustaweli adyndaky Döwlet çeperçilik uçilişesini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Meret Gylyjowyň sergisi 1977-nji ýylda bolsa Lwowyň (Ukraina) I. Fýodorow adyndaky neşirýat institutyny tamamlady. 1976 — 1994-nji ýyllar aralygynda “Sowet Türkmenistanynyň aýallary”, “Owadan”, “Tokmak” žurnallarynyň redaksiýalarynda baş suratkeş bolup zähmet çekdi we köp sanly kitaplaryň bezeg işlerini ýerine ýetirdi.

Ol diňe bir çaphana işinde däl, eýsem, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesinde hem köp işledi. Şeýle hem Russiýada, Türkiýede, Polşada, Germaniýada, Belgiýada, Ukrainada, Eýranda geçirilen karrikaturaçylaryň bäsleşiklerine gatnaşdy. Onuň dürli žanrlarda döreden grafiki işleri hem köp sergilere gatnaşdyrylyp, sungat muşdaklarynyň uly söýgüsine mynasyp boldy we Russiýanyň, Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Polşanyň, Germaniýanyň, Eýranyň, Türkiýäniň şahsy galereýalary tarapyndan satyn alyndy.

Ofort tehnikasynda ýerine ýetirilen işler ussadyň eserleriniň arasynda aýratyn orun eýeleýär. Şeýle-de bolsa soňky ýyllarda M. Gylyjow diňe bir zehinli grafikaçy däl, eýsem, ussat žiwopisçi hökmünde-de giňden tanalýar.

Bu gezekki sergide belli suratkeşiň 100 žiwopis we 50 grafiki işleri goýlupdyr. Olar durmuşy, tebigat we natýurmort eserleridir. “Hazar gözeli”, “Aýly daglar”, “Günebakarlar” žiwopis, şeýle hem “Ykbal”, “Oýlanmalar” grafiki işleri jüpüne düşen eserler hökmünde aýratyn tapawutlanýar. Olaryň köpüsi ussat tarapyndan soňky ýyllarda döredildi.

Sergi öz işini 2015-nji ýylyň 10-njy martyna çenli dowam eder.           

Meret Meret Gylyjowyň şahsy sergisinde görkezilen işler bilen portalyň okyjylary "Fotoreportaž" rubrikasy arkaly tanşyp bilerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň