Türkmenistanyň wekilleri Niderlandlara bolan sapar mahalynda hukuk özgertmelerini ara alyp maslahatlaşdylar

0
563
0
0

Aşgabat, 16.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň kanun çykaryjy we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary wezipeli dört wekili Gaagada bäş günlük saparda boldular. OBCE tarapyndan guralan saparyň çäklerinde jenaýat hukugyna degişli öňdebaryjy tejribeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiniň, Adalat ministrliginiň we Baş prokuraturasynyň wekilleri hukuk özgertmeleriniň barşy we olaryň amala aşyrylmagynyň dürli tapgyrlary bilen jikme-jik tanyşdylar.

— OBCE-niň Aşgabatdaky Merkezi 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanda hukuk özgertmeleriniň amala aşyrylmagyna ýardam berip gelýär — diýip, OBCE-niň Aşgabatdaky Merkeziniň başlygy, ilçi Iwo Petrow gürrüň berýär. — Bu okuw-tanyşdyrylyş sapary türkmen wekiliýetini milli jenaýat hukugyny dünýä ülňülerine laýyklykda özgertmek babatda durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Biz munuň Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan ýurtda jenaýat hukugyna degişli özgertmeleri has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen işlerde ýardam berjekdigine ynanýarys.

Türkmen wekiliýeti Niderlandlaryň Hökümeti kazyýet geňeşiniň, Kazyýetiniň, Döwlet geňeşiniň, ýerli häkimiýet edaralarynyň we Howpsuzlyk we ýustisiýa ministrliginiň wekilleri bilen duşuşdylar we Niderlandlaryň kanun çykaryjylyk ulgamynyň işi bilen tanyşdylar.  

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru