Türkmenistanyň ýygyndy topary ýakyn wagtda Dünýä çempionaty — 2018-iň saýlama bölegindäki garşydaşynyň kimdigini biler

0
1185
0
0

Aşgabat, 16.02.2015. “Türkmenportal”.

Kuala-Lumpurda, Aziýanyň futbol Konfederasiýasynyň (AFK) ştab-kwartirasynda final bölegi 2018-nji ýylda Russiýada geçiriljek dünýä çempionatynyň ilkinji saýlama oýunlarynyň bijesi çekildi.

12-nji we 17-nji martda FIFA-nyň reýtinginde aşaky bölekde ýerleşýän Aziýanyň 12 ýygyndysynyň arasynda saýlama duşuşyklary geçiriler. Bu barada AFK-nyň resmi saýty habar berýär. Ilkinji tapgyryň netijeleri boýunça Dünýä çempionaty — 2018-iň indiki böleginde oýnamaga 6 jübütiň ýeňijileri hukuk gazanar.

Hindistan — Nepal

Ýemen — Pakistan

Gündogar Timor — Makao

Taýwan — Bruneý

Şri-Lanka — Butan

Saýlama oýunlarynyň ikinji tapgyrynda 40 topar şol sanda Türkmenistanyň ýygyndysy çykyş eder. Olar 8 toparçada güýç synanyşarlar. Bu tapgyryň bije atyşlygy 11-nji aprelde geçiriler. Toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orunlary eýelänleriň iň gowy netije görkezenleri Dünýä çempionaty — 2018-iň üçünji saýlama tapgyrynda oýnarlar.

Şeýlelikde, üçünji tapgyrda iki toparça bölünen 12 ýygyndy göreşi dowam etdirer. Öz toparçalarynda ilkinji 2 orny eýelän toparlar 2018-nji ýylyň Dünýä çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.   

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru