Gazagystan “Özbegistan-Türkmenistan- Eýran- Oman” ulag-üstaşyr geçelgesine goşuldy

13:2416.02.2015
0
5992

 Aşgabat, 16.02.2015. “Türkmenportal”.

15-nji fewralda Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) Aşgabat Ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Utgaşdyryjy geňeşiniň maslahaty geçirildi. Oman  Soltanlygy, Eýran Yslam Respublikasy, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy oňa girýän ýurtlar bolup durýar diýip, KAZINFORM habar berýär.

Maslahatyň barşynda “NK “Kazakstan temir žoly” aksioner jemgyýetiniň prezidenti A. Mamin bu gün Hytaýyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň, Eýranyň we pars aýlagynyň beýleki ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösmegine ýük gatnatmagyň ugruny däbe öwrülen deňiz ýolundan transkontinental guryýer ugurlaryna geçirmäge mümkinçilik berýändigini, Gazagystanyň Aşgabat Ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň sebitinde goşmaça ýük daşamagyň uly mümkinçiliklerini görýändigini belläp geçdi.

Aşgabat Ylalaşygynyň ýurtlaryndan demir ýol ulaglary boýunça ýük daşamagyň möçberleri 2013-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2014-nji ýylda 2,3 mln. tonna ýa-da 10 göterim artdy we 25 mln. tonnadan geçdi. Şunda şol ýükleriň 41 göterimi üstaşyr bu döwletlere hem-de olaryň çäklerinden geçen Gazagystanyň eksport ýük akymlarynyň hasabyna amala aşyryldy.

Gelejekde 2020-nji ýyla çenli Gazagystan bilen Aşgabat Ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky ýük gatnawlarynyň möçber ýylda 40 mln. tonna barabar bolup biler. Gazagystanyň wekiliýetiniň baştutany öz ýurdunyň şunuň bilen baglylykda Aşgabat Ylalaşygynyň çäklerinde Eýran, Oman Soltanlygy, Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy döwletleriniň arasyndaky ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini we sebitde ulag gatnawyny ösdürmekde bilelikdäki tagallalara uly umyt bildirýändigini mälim etdi.

Aşgabat Ylalaşygyna gatnaşyjy ýurtlar Gazagystanyň “Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman” halkara ulag-üstaşyr geçelgesine goşulmagyny oňladylar.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň