Soňky habarlar

Arhiw

Deňiz ýakasyndan bolan nebithimiýaçylar üçin ýaşaýyş jaýlary

11:1416.02.2015
0
3920

 Aşgabat, 15.02.2015. “Türkmenportal”.

""Türkmenbaşy şäherinde nobatdaky dörtgatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ony Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça «Polat Gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary bina edýärler. Şu ýylyň baharynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýokary amatlykly öýleriň açarlary TNGIZT-iň işçileriniň, inžener-tehniki işgärleriniň we gullukçylarynyň maşgalalarynyň 40-syna gowşurylar"divip, "Nebit-gaz" gazeti habar berýär.

Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, şol sanda olary döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzir ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy çalt depginler bilen alnyp barylýar. Ýaşaýjylar üçin dürli hyzmatlary edýän desgalar bilen bir toplumda gurulýan täze oňaýly jaýlara eýýäm öý eýeleriniň müňlerçesi mynasyp baha berdiler. Balkan welaýatynda hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öz serişdeleriniň hasabyna bina edilýän jaýlaryň gurluşygy batly depginlere eýe bolýar.

-Ynha, häzir Türkmenbaşy şäherinde TNGIZT-iň buýurmasy boýunça ýokary amatlykly 12 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi bina edilýär. Olaryň her biri 72 öýden ybarat bolup, üç otagdan bäş otaga çenli bolan jaýlardyr. Bu ýerde, beýleki ýokary amatlykly jaýlarda bolşy ýaly, aşhanalar döwrebap durmuş tehnikalary bilen üpjün ediler. Jaýlaryň töwereginde abadanlaşdyrylan dynç alyş zolagy ýaýylar, onda agaç nahallary oturdylar, gül aýmançalary, çagalar we sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar gurlar. Jaýlary 2016-njy ýylda ulanmaga bermek bellenildi-diýip, ýokarda ady agzalan gazetde ýazylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň