Täjigistanyň “Haýry” Türkmenistanyň “Ahaly” bilen AFK-nyň Kubogynyň indiki tapgyryna çykdy

20:3815.02.2015
0
2690

 Aşgabat, 15.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň “Ahalynyň” yzysüre AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ikinji saýlama tapgyryna Täjigistanyň “Haýry” hem çykdy. Ýurduň çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi bolan Wahdat şäheriniň topary Duşenbäniň Merkezi stadionynda 10 müň tomaşaçynyň gatnaşmagynda Bangladeşiň “Şeýh Rasselini” 1:0 hasabynda ýeňmek bilen, şeýle hukuga eýe boldy. Ýer eýelerine ýeňiş getiren pökgini 22-nji minutda Hasan Rustamow geçirdi. Indi toparçalaýyn ýaryşa çykmak üçin “Haýr” 17-nji fewralda myhmançylykda Liwanyň “Salam Jhartasy” bilen duşuşar. Afk-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ilkinji saýlama tapgyryna Ýemeniň “Al-Sakr” we Palestinanyň “Hilýal Al-Kuds” toparlary hem çykdylar. “Al-Sakr” birinji saýlama tapgyrda Aşgabatda Türkmenistanyň “Altyn asyryndan” 0:1 hasabynda üstün çykdy. “Hilýal Al-Kuds” bolsa Nepalyň “Manang Marşiangdi” toparynyň ýaryşlara gatnaşmakdan ýüz öwürendigi sebäpli, hiç hili göreşsiz bäsleşikdäki çykyşyny dowam etdirýär.

Şeýlelikde, 17-nji fewralda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň toparçalaýyn bölegine ýollanma gazanmak ugrunda indiki saýlama tapgyrynda şu jübütler duşuşar:

“Günbatar” zolagy

“Fanja” (Oman) — “Ahal” (TÜRKMENISTAN)

“Al-Hudd” (Bahraýn) — “Al-Sakr” (Ýemen)

“Salam Jharta” (Liwan) — “Haýr” (Täjigistan)

“Al-Jaýş” (Siriýa) — “Hilýal Al-Kuds” (Palestina)

“Gündogar” zolagy

“MaziýaSports” (Maldiwler) — “Seres” (Filippinler)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň