Balkanabatda dabaraly ýagdaýda demir ýol menzili açyldy

01:4215.02.2015
0
3739

Aşgabat, 15.02.2015. “Türkmenportal”.

14-nji fewralda Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň buýurmasy boýunça “Ösüş gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan ak mermer täze iki gatly demir ýol menziliniň açylyş dabarasy boldy.

Ýolagçylara amatly bolar ýaly, birinji gatda 100 orunlyk garaşylýan zal, petek satylýan kassalar, sowal-jogap bölümi, öýjükli aragatnaşyk we pul alyş-çalşygy nokatlary, kafe, elektron tablo, telewizorlar, bankamat ýerleşdirilipdir. Ikinji gat bolsa dükanlary, kiosklary, internet-kafeni, maslahat zalyny, administratiw otaglary, uly bolmadyk myhmanhanany, VIP-zaly özünde jemleýär. Şeýle hem binada medpunkt, çagaly enelere niýetlenen we beýleki otaglar bar.

Taslamanyň çäklerinde demir ýol menziliniň perronynda we daş töwereginde düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Menziliň golaýynda awtoduralgalaryň ýerleşdirilendigini hem bellemek gerek.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň