Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň oba hojalyk önüm öndürijileri ekologiýa taýdan arassa gök, miwe we bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmegi maksat edinýärler

01:3015.02.2015
0
13355

Aşgabat, 15.02.2015. “Türkmenportal”.

Oba hojalyk ýerlerini, gök-bakja ekinlerini ekmek üçin taýýarlamagyň çäklerinde 14 müň 440 gektar meýdanda sürüm işleri geçirildi. Oba hojalyk önüm öndürijileri ýokary hilli tohum we zerur tehnika bilen üpjün etmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda gök ekinlerden ýokary hasyl almak maksadynda agrotehnikanyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanmak babatda tejribe alyşmak boýunça okuw maslahatlary guralýar.

Ekerançylygy depginli ösdürmek, gök, miwe we bakja önümleriniň öndüriliş möçberlerini artdyrmak, ilatyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bu günki gün oba hojalyk önüm öndürijileriň öňünde esasy wezipe bolup durýar.

Türkmenistanda ýazky gowaça ekişine giňden taýýarlyk görmek işleri dowam edýär, bu ekin üçin bölünip berlen ýerlerde sürüm, ýerleri tekizlemek, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlaryň garşysyna himiki serişdeleri ulanmak işleri geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň