Soňky habarlar

Arhiw

“Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanda bitewi gaz geçiriji düzüm dörediler

01:2615.02.2015
0
4526

 Aşgabat, 15.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň düzümleriniň gurýan bu gaz geçirijisiniň uzynlygy 773 kilometre barabardyr. Häzirki wagtda onuň 574 kilometrlik böleginde kebşirlemek işleri ýerine ýetirildi. Meýilnama boýunça gaz geçirijiden ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy akdyrmak göz öňünde tutulýar. Tebigy gaz “Galkynyş” gaz käninden gaz gysyjy bekediň kömeginden peýdalanman, göni akdyrylan ýagdaýynda soňky nokat bolan “Belek” gaz gysyjy bekedine çenli 14 milliard kub metr tebigy gazy akdyryp bolar.

“Şatlyk-1” gaz gysyjy bekediň gurulmagy bilen, “Belek” gaz gysyjy bekedine çenli ýylda 15 milliard kub metr gazy akdyrmak mümkinçiligi bar. Gaz geçirijini doly kuwwatynda işletmek üçin 7-8 sany gaz gysyjy beketleri tapgyrlaýyn esasda gurmak göz öňünde tutulýar. Bu gaz geçirijisiniň gurluşygyny 2015-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

“Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy ýurdumyzyň iri gaz ýataklaryny birleşdirmäge niýetlenendir. Bu turbageçiriji döwrebap gaz geçiriji düzümiň möhüm bölegi bolar. Türkmenistan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň artýan zerurlyklaryny, halkara energetika bazarlarynda energiýa serişdelerine bolan islegi nazara almak bilen, bu düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrýar we ösdürýär.

Giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzda täze senagat kärhanalary, gazturbinaly elektrik beketleri, durmuş maksatly desgalar yzygiderli ulanmaga berilýär. Olaryň durnukly işlemegini üpjün etmek, täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmak boýunça wezipeleri netijeli çözmek üçin tebigy gazyň goşmaça uly möçberleri zerur bolup durýar.

“Gündogar — Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, Türkmenistanda bitewi gaz geçiriji ulgam dörediler. Munuň özi tebigy gazy islendik ugurda ibermäge mümkinçilik berer. Hususan-da, gürrüň, “mawy ýangyjy” uglewodorod serişdeleriniň baý gorlarynyň jemlenen ýeri bolan Mary we Lebap welaýatlaryndan okgunly ösýän Hazarýaka sebitine ibermek barada barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň