Soňky habarlar

Arhiw

15-nji fewral taryhda

00:5315.02.2015
0
3636

 Aşgabat, 15.02.2015. “Türkmenportal”.

2013-nji ýyl — Çelýabinskide meteorit ýagşy ýagdy.

2012-nji ýyl — Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topary öz karary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerini tassyklady. Oňa laýyklykda, Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyldy.

1970-nji ýyl — IBM kompaniýasy disketde habar saklamaga niýetlenen maýyşgak magnit diski hödürledi.

1969-njy ýyl — Kembrijde ilkinji gezek adamda emeli tohumlandyrma geçirildi.

1946-njy ýyl — ENIAC sanly kompýuteriň işleýşi görkezildi.

1919-njy ýyl — Petrogradda “Don Karlos” spektaklynyň görkezilişi bilen täze teatr açyldy. Ol soňlugy bilen M. Gorkiý adyndaky Uly drama teatry diýen ada eýe boldy, häzir bolsa G. A. Towstonogow adyndaky Uly drama teatry diýlip atlandyrylýar.

1897-nji ýyl — Ferdinand Braun ossillografyň gurluş baýanyny (shema) çap etdirdi.

Serbiýanyň Döwlet gurluşynyň güni.

Kanadanyň Milli baýdagynyň güni.

Düwnük keselli çagalaryň halkara güni.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň