Türkmen uşu ussatlary Eýranda geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda alty medal eýelediler

0
879
0
0

 Aşgabat, 14.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmen uşu ussatlary Zahedanda (Eýran) geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda alty medal gazandylar. Tutluşyklaryň sanda görnüşinde baýraklar ugrunda 13 döwletiň, şol sanda Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Kuweýtiň, Liwanyň, Pakistanyň, Siriýanyň, Özbegistanyň wekilleri güýç synanyşdylar.

Türkmenistandan bu ýaryşlara sekiz türgen gatnaşdy we olaryň altysy baýrakly orunlary eýelediler.

Inçhonda (Koreýa Respublikasy) geçirilen XVII tomusky Aziýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi Salaheddin Baýramow (65 kg çenli agram) we Muhammet Gurbanow (75 kg agram) kümüş medal gazandylar. Finala barýan ýolda S. Baýramow liwanly, yrakly türgenleri ýeňip, jemleýji tutluşykda eýranly uşuçydan asgyn geldi. M. Gurbanow bolsa Gazagystanyň we Eýranyň wekillerinden üstün çykyp, pakistanly türgenden ýeňildi.

Türkmenistanyň toparyndan Çarygylyç Tagangylyjow (56 kg çenli agram), Rahat Rahymow (60 kg çenli agram), Goçmyrat Jumanyýazow (70 kg çenli agram) we Kemal Sähedow (85 kg çenli agram) bürünç medallara mynasyp boldular. Baýrakly orunlary eýelänleriň ählisi Aşgabat şäheriniň Sport baradaky komitetiniň toplumlaýyn sport mekdebiniň türgenleridir.

Çempionatyň geçirilen günlerinde Aziýanyň Merkezi we Günbatar uşu federasiýalary birleşdirilip, onuň başlyklygyna eýranly Mahdi Ali Nejad saýlanyldy. Türkmenistanyň uşu federasiýasynyň başlygy, at gazanan tälimçi Ýazmyrat Annamyradow täze sebit sport guramasynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň düzümine girizildi.

Türkmen uşu ussatlaryna gelejekki ýaryşlar barada aýtsak, olar 20-22-nji mart aralygynda Rigada geçiriljek Latwiýanyň açyk çempionatyna gatnaşarlar. Güýzde bolsa Jakartada (Indoneziýa) ýylyň esasy bäsleşigi — dünýä çempionaty bolup geçer bu ýaryşa ýer ýüzüniň dürli yklymlaryndan söweş sungatynyň ussatlary gatnaşarlar.

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru