Aşgabatdaky hokkeý ýaryşy “Galkanyň” ýeňşi bilen tamamlandy

0
803
2
0

Aşgabat, 14.02.2105. “Türkmenportal”.

 Aşgabatdaky hokkeý ýaryşy Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” komandasynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Final oýnunyň başynda ýaşajyk buzda typyjylaryň gatnaşmagynda görkezme çykyşlary guraldy. Şondan soňra Aşgabatdaky hokkeý ýaryşynyň final oýnuna badalga berildi.

Ýurdumyzyň çempiony “Galkan” Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň “Nesil” komandasy bilen duşuşyp, bäsdeşini 8:4 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Oýnuň birinji döwrüniň 6:1 hasabynda tamamlanmagy “Galkanyň” hokkeýçileriniň oýnuň galan böleginde arkaýynlygyna ýol bermegine getirdi. Olar “Nesil” komandasynyň 3 şaýbasyna 2 şaýba bilen jogap berdiler. Netijede, final oýnunda “Galkan” 8:4 hasabynda ýeňiş gazanyp, kuboga we altyn medala mynasyp boldy. “Nesil” kümüş medal, “Şir” topary hem bürünç medal bilen sylaglandy.

  14-nji fewralda tamamlanan Aşgabatdaky hokkeý ýaryşy Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda geçirilip, ol Türkmenistanyň Baýdak baýramyna hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp guraldy.

"Galkan" bilen "Nesil" komandalarynyň arasyndaky final oýnundan fotoreportaž.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru