Soňky habarlar

Arhiw

Bakuwda Hazar deňziniň meseleleri boýunça Ýörite iş toparynyň duşuşygy geçiriler

21:0114.02.2015
0
3424

 Aşgabat, 14.02.2015. “Türkmenportal”.

4- 5-nji martda Baku şäherinde Hazar deňziniň meseleleri boýunça Ýörite iş toparynyň nobatdaky duşuşygy geçiriler. Onda Hazarýaka döwletleriniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamaga şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň bu Ylalaşygy iş ýüzünde amala aşyrmagyň guraly hökmünde hemişelik esasda hereket edýän Hazar Ykdysady Forumyny döretmek baradaky başlangyjyna, sebitde halkara ulag ulgamyny ösdürmek, ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek we olaryň üsti bilen Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak babatdaky tekliplerine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hazar — bu ajaýyp tebigy suw giňişligi bolup, Türkmenistan gelejekde-de Hazaryň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, onuň biologiki köpdürlüligini aýawly saklamaga, gojaman Hazaryň baý serişdelerini rejeli ulanmaga, parahatçylygyň, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde onuň derejesini pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirer.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň