Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler

20:0814.02.2015
0
2399

Aşgabat, 14.02.2015. “Türkmenportal”.

5-7-nji mart aralygynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu çärä gatnaşmak üçin biziň ýurdumyza dostlukly döwletiň medeniýet ulgamynyň işgärleriniň we sungat ussatlarynyň gelmegine garaşylýar.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde folklor aýdym-saz toparynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň sergisi guralar, şeýle hem kinofilmler görkeziler. Medeniýet günleri iki ýurduň sungat ussatlarynyň dostluk konserti bilen jemlener.

Myhmanlar üçin muzeýlere, türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerlerine aýlanyp görmek ýaly çäreleri özünde jemleýän medeni meýilnama taýýarlanyldy.

Dostlukly döwletiň öňde boljak Medeniýet günleri iki ýurduň bähbitlerine laýyk gelýän, dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan däbe öwrülen netijeli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň