Türkmenistanyň wise-çempiony “Şir” hokkeý ýaryşyny 3-nji orunda tamamlady

0
563
0
0

 Aşgabat, 14.02.2105. “Türkmenportal”.

Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň Baýdak baýramy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan nhokkeý ýaryşynyň şu gün aýgytlaýjy oýunlary geçirilýär. Ilkinji bolup Sportuň gyşky görnüşleri merkeziniň buzly meýdançasyna “Şir” hem-de “Oguzhan” komandalary çykyp, olar 3-nji orun ugrunda göreşdiler.

“Şir” hem-de “Oguzhan”  2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky halkara hokkeý ýaryşynyň finalynda duşuşypdylar. Bu ýyl olar türkmen paýtagtyndaky ýaryşyň bürünç medaly ugrunda göreşdiler.

Duşuşygyň başynda “Oguzhan” komandasynyň oýunçylary ilkinji hüjümleriniň birini netijeli tamamlap, hasaby açdylar. Soňra “Şir” klubynyň hokkeýçileri tijenip, gayşydaşynyň derwezesine iki şaýba girizdi. Ýöne “Oguzhan” topary ruhdan düşmedi. Olar birinji döwrüň ahyrynda hasaby deňlediler-2:2.  

Duşuşygyň ikinji döwründe-de hasap üýtgemedi.

Duşuşygyň üçünji döwri has dartgynly ýagdaýda geçdi. Soňky 20 minutyň dowamynda “Oguzhan” 2 sapar öňe çykdy, her gezegem “Şir” komandasy ara uzak wagt salman, hasaby deňledi.

“Şir” komandasynyň 4-nji şaýbasynyň derwezä girendigini ýa girmändigini oýny saklap şol pursatyň wideoýazgysyny gaýtalap görmek arkaly kesgitlediler. Şol jedelli pursatdan soňra “Şir” topary ýene-de öňe saýlandy-5:4.

Oýnuň tamamlanmagyna 2 minut 35 sekunt galanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň komandasynyň bir hokkeýçisi meýdançadan çykaryldy. Emma “Oguzhan” topary san taýdan artykmaçlygyndan peýdalanyp bilmedi.

Meýdançady oýunçylaryň sany deňleşen badyna “Şir” klubynyň nobatdaky hüjümi netijeli tamamlanyp, oýnuň soňky nokady goýuldy-6:4.

Şeýlelikde, “Şir” topary Aşgabatdaky hokkeý ýaryşynyň bürünç medalynyň eýesi boldy.

Bu ýaryşyň ýeňijisi şu gün sagat 15.00-da geçiriljek final oýnunda belli ediler. Finalda ozal habar berşimiz ýaly, “Galkan” bilen “Nesil” duşuşar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru