Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy işjeň häsiýete eýe bolýar

13:3014.02.2015
0
2804

 Aşgabat, 14.02.2015. “Türkmenportal”.

Aşgabatda bilelikdäki Türkmen-awstriýa iş toparynyň nobatdaky 7-nji mejlisini, şeýle hem türkmen-awstriýa işewürler maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Duşuşyklara Awstriýanyň wekiliýetiniň düzüminde döwlet edaralarynyň we 30-dan gowrak kompaniýalarynyň hünärmenleridir işewürleriniň 60-a golaýynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Olar söwda, gurluşyk, syýahatçylyk, saglygy goraýyş, energetika, dokma senagaty, innowasion tehnologiýalar ulgamlarynyň we beýleki pudaklaryň wekilleridir.

Bilelikdäki Türkmen-awstriýa iş toparynyň mejlisinde özara bähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, şeýle hem maliýe-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, ylym-bilim, syýahatçylyk ugurlaryndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Türkmen-awstriýa işewürler maslahatynyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş mümkinçiliklerine jikme-jik seredilip geçiler. Awstriýanyň wekiliýetiniň biziň ýurdumyza boljak saparynyň meýilnamasynda senagatçylar we telekeçiler birleşiginde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagyndaky duşuşyk, şeýle hem Mary şäherindäki kärhanalaryň birnäçesinde bolup görmek göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň