Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty dünýä ähmiýetli iri üstaşyr geçiriji çatryk bolar

10:4014.02.2015
0
12285

 Aşgabat, 14.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyna” laýyklykda, şu günler gämileriň deňiz menzillerine barmagyny üpjün etmek maksady bilen, suw çägini çuňaltmak boýunça iri möçberli işler alnyp barylýar. Köptaraply portuň tutýan umumy meýdany 138,5 gektar bolup, taslama boýunça onuň bir bölegi deňiz çäginde ýerleşýär.

Halkara port häzirki zaman ulag-aragatnaşyk infrastrukturasy hökmünde Türkmenistanyň mundan beýläkki gülläp ösüşini, durmuş-ykdysady rowaçlygyny, halkara deňiz ulag düzümine goşulmagyny üstünlikli üpjün etmäge gönükdirilendir.

Geçirilen barlaglaryň netijeleri port desgalarynyň toplumy ýerleşen bu deňiz çäginiň ekologiýa taýdan arassalygyny we çykarylýan topragyň daşky gurşaw üçin hiç hili zeleliniň ýokdugyny subut etdi. Şol toprakdan portdan 4 kilometr uzaklygyna emeli ada döretmek göz öňünde tutulýar. Bu ada ýüz müňläp guşlaryň höwürtgeleýän we gyşlaýan ýerine öwrüler.

Täze halkara deňiz porty diňe bir yklymara däl, eýsem, dünýä ähmiýetli iri halkara üstaşyr ulag geçiriji çatryk bolar, ol ýurdumyzyň we sebitiň ykdysadyýetiniň ösmegine güýçli itergi berer.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň