Aşgabatdaky hokkeý ýaryşynyň finalynda «Galkan» bilen «Nesil» duşuşar

20:3213.02.2015
0
6996

  Aşgabat, 13.02.2105. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Baýdak baýramy hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly mynasybetli guralan hokkeý ýaryşynyň ýarym final oýunlary geçirilip, şol duşuşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Galkan” hem-de Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň “Nesil” komandalary finalda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Ýarym finalda ilkinji bolup ýurdumyzyň çempiony “Galkan” bilen wise-çempion “Şir” buzly meýdança çykdy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Şir” topary geçen ýyl Baýdak baýramynyň bosagasynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogynyň ýarym finalynda “Galkandan” üstün çykypdy. Şonuň üçin bu gezekki duşuşykda ýeňiş gazanmak iki tarap üçinem möhümdi. Eger “Galkan” şol şowsuzlygyň öwezini dolmak islese, “Şir” milli çempionatda öňüne geçiren klubyndan asgyn däldigini nobatdaky ýaryşda subut etmek isleýärdi. Duşuşygyň jemi boýunça Türkmenistanyň çempionynyň bu ýaryşa has taýýarlykly gelendigi mälim boldy. Netijede, “Galkan” “Şir” klubyny 11:1 hasabynda ýeňip finala çykdy.

Ikinji ýarym finalda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogynyň iki gezek finalçysy “Oguzhan” bilen “Nesil” duşuşdy. Bu oýunda hem bäsdeşleriň güýjüniň gyradeň däldigi belli boldy. Has netijeli çykyş eden “Nesil” Türkmenistanyň nebit we gaz toplumynyň “Oguzhan” klubyny 10:2 hasabynda utup, şu ýaryşdaky 4-nji ýeňşini gazandy.

Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý ýaryşynyň baýrakly orunlarynyň eýeleri 14-nji fewralda belli ediler. Sportuň gyşky görnüşleri merkeziniň buzly meýdançasynda geçiriljek şol duşuşyklaryň ilkinjisinde “Şir” bilen “Oguzhan” 3-nji orun ugrunda göreşer (10.00). Şondan soňra bolsa “Galkan” bilen “Nesil” klublarynyň arasyndaky oýunda (15.00) şu ýaryşyň ýeňijiniň ady belli ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň