Türkmen paýtagtyndaky hokkeý ýaryşynda finalçylar belli ediler

0
425
0
0

Aşgabat, 13.02.2015,. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramyna hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna baglanyp geçirilýän hokkeý ýaryşynyň topardaky bäsleşikleri tamamlanyp, ýarym finalda çykyş etmeli komandalaryň atlary belli boldy.

“A” toparda möhletinden öň ýeňiji bolan “Galkan” kluby “Alp Arslanyň” derwezesine jogapsyz 22 şaýba girizdi. “Oguzhan” bilen “Watançynyň” arasyndaky oýun 4:1 hasabynda olaryň ilkinjisiniň peýdasyna tamamlandy. Şeýlelikde, “Oguzhan” kluby ýarym finalda oýnamaga hukuk gazandy.

“B” toparda 2-nji orny eýeläniň ýarym finalda ýurdumyzyň çempiony “Galkan” bilen duşuşýandygy sebäpli, oýunlar has dartgynly geçdi. Soňky tapgyrda “Nesil” komandasyna diňe ýeňiş gazanmak gerekdi. “Nesil” öz oýnuny ýeňiş bilen tamamlan ýagdaýynda ýurdumyzyň wise-çempiony “Şir” näçe uly hasap bilen utsa-da, ýarym finalda esasy bäsdeşi “Galkan” bilen ýüzbe-ýüz bolýardy. Garaşylyşy ýaly, bu topardaky ilkinji oýun  15:2 hasabynda “Nesil” klubynyň peýdasyna tamamlandy. Olar “Bürgütden” üstün çykdylar. “Şir” bolsa “Merdana” komandasyny 14:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

13-nji fewralda geçirilýän ýarym final oýunlarynda “Galkan” bilen “Şir”, “Nesil” bilenem “Oguzhan” topary duşuşýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru