Talyplaryň sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

21:2812.02.2015
0
2730

Aşgabat, 12.02.2015. “Türkmenportal”.

2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda sport çäreleriniň açylyş dabarasy geçirildi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda sportuň küşt, düzzüm, grek-rim göreşi, agyr atletika, woleýbol, sambo, ýeňil atletika, dzýudo, gandbol, milli göreş, ýaglyga towusmak, tanap çekmek, nyşana ok atmak, futzal, stol tennisi, suwda ýüzmek, basketbol, boks görnüşleri boýunça bäsleşikler geçiriler. Bäsleşikler tutuş ýylyň dowamynda yzygiderli geçirilip, 2015-nji ýylyň 15-nji dekabrynda onuň jemleri jemlener.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sport zalynda guralan açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, şol sanda ýaryşlara gatnaşjak türgenler gatnaşdylar. Soňra bu institutyň “Sagdyn nesiller” aýdym-saz topary çykyş etdi. Türgenler bolsa sportuň 21 görnüşi (V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýän görnüşler) boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda geçirilýän sport ýaryşlarynyň aglabasynyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girýändigini bellemek gerek. Bu bolsa öňdäki jogapkärli ýaryşlary wagyz etmäge we ukyply türgenleri ýüze çykarmaga ýardam berer.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň