Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň nebitgaz senagaty täze derejä çykarylýar

13:5712.02.2015
0
20221

Aşgabat, 12.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň diňe çig maly ugratmak bilen çäklenmeýär. Pudakda ylmy tehniki ösüşiň soňky gazananlaryny peýdalanmak, nebithimiýa pudagynyň kärhanalaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak, täze gaz we nebiti gaýtadan işleýän önümçilikleri gurmak onuň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Hususan-da, durkunyň düýpli täzelenmegi we döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Merkezi Aziýada ýokary oktanly awtomobil benzinini, uçar kerosinini, gidro usul arkaly arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, tehniki ýaglary, suwuklandyrylan gazy öndürýän iri topluma öwrüldi. Häzir TNGIZT-de, şeýle hem Seýdiniň NGIZ-inde iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak dowam edýär. Olar nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny artdyrmaga, dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň hilini we mukdaryny ýokarlandyrmaga, olaryň görnüşini giňeltmäge gönükdirilendir diýip, “Nebit-gaz”gazeti belleýär.

Tebigy gazy gaýtadan işleýän senagat önümçilikleriniň döredilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde täze mümkinçilikler açylýar. TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemekden alynýan suwuklandyrylan gazdan polipropilen öndürýän desgalaryň gurulmagy ýurdumyzyň gazhimiýasynyň emele gelmeginde ilkinji ädim boldy. 2014-nji ýylyň aprelinde bolsa Hazaryň kenarynda ýerleşen Gyýanly şäherçesinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda polietilen we polipropilen öndürýän iri gazhimiýa toplumynyň düýbi tutuldy. Mundan başga-da, geçen ýyl Ahal welaýatynda, Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygyna girişildi. Täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhana Euro-5 standarty boýunça ýokary ekologik talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň ýylda 600 müň tonnasyny öndürer.

Şeýlelikde, nebitgaz senagaty täze — innowasion tehnologik derejä tapgyrlaýyn geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda ýurdumyzyň baý ýangyç serişdeleriniň elektroenergetika, himiýa senagatyny we beýleki pudaklary ösdürmek üçin esas bolup hyzmat edýändigini hem bellemek gerek. Ýangyç energetika toplumynyň getirýän girdejileri ileri tutulýan milli taslamalary, şol sanda durmuş ulgamyny ösdürmek bilen bagly bolan taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilýär diýip, “Nebit-gaz” gazeti aýratyn belläp geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň