AOG-yň utgaşdyryjy toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi

0
604
0
0

 Aşgabat, 12.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmen paýtagtynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) utgaşdyryjy toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi. Ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň nobatdaky tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy” diýip, “Золотой век” internet-gazeti habar berýär.

Bir wagtda sekiz ýarym müň türgeni ýerleşdirip biljek Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda geçirilen häzirki mejlise şeýle hem Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we Guramaçylyk komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň düzümine oýunlara taýýarlyk görmäge we olary geçirmäge jogapkär ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary girýär.

 Mejlisiň barşynda daşary ýurtly hünärmenler türgenler üçinem, tomaşaçylar üçinem, şeýle-de sport hem-de ýaşlara hyzmat etmek ulgamynda işleýän beýleki hünärmenleriň köpüsiniň işlemegi üçin örän amatly şertler döredilen Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk sport toplumynyň gurluşyklarynyň depginine we möçberine haýran galandyklaryny beýan etdiler.

Gün tertibine laýyklykda, duşuşyga gatnaşyjylar Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň ulanmaga tabşyrylmagy we olara hyzmat edilmegi, daşary ýurt dillerini kämil ele almaklary esasy talap bolup durýan meýletinçileriň yzygiderli okuw-maslahatlaryny guramak, ýokary hilli Internet hyzmatlary, türkmen türgenlerini öňde boljak toplumlaýyn ýaryşlara taýýarlamak we köp sanly beýlekiler bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Aziadanyň maksatnamasynda görkezilen sport görnüşleriniň her biri boýunça türgenleşik we ýaryş tertipleriniň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygy aýratyn bellenildi. Munuň özi sportda uly mümkinçilige eýe bolan geljegi has uly türgenleri ýüze çykarmaga mümkinçilik bermelidir. Şol türgenleri öňde boljak yklym ýaryşlaryna yhlasly we maksada gönükdirilen derejede taýýarlamaga girişilmelidir.

Şeýle hem Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň nobatdaky Baş assambleýasyny geçirmäge taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna deslapky tapgyryň ilkinji netijeleri jemlener.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru