Aşgabady ösdürmegiň maksatnamasy türkmen paýtagtynyň dünýäniň iň owadan şäheriniň birine öwrülmegini üpjün eder

0
4090
0
0

Aşgabat, 12.02.2015. “Türkmenportal”.

Sport dünýäsindäki iri waka — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna bary-ýogy iki ýyl galdy. Häzirki wagtda bu oýunlara taýýarlygyň çäklerinde uly işler alnyp barylýar. Aziada — 2017-niň geçirilýän ýeri hakyky “şäher içindäki şäher” bolar. Olimpiýa şäherjigi paýtagtyň iň gelim-gidimli ýerine, Aşgabadyň özboluşly simwolyna öwrüler.

  V Aziýa oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmek işleri diňe bir Olimpiýa şäherjiginiň, häzirki zaman binalarynyň we desgalarynyň gurluşygy bilen çäklenmän, eýsem, şäherde gerekli tertip hem üpjün ediler. Aşgabadyň ähli etraplarynda ýollaryň ýakalarynda, seýil baglarynda we seýilgählerinde agaç nahallaryny oturtmak işleri alnyp barylýar, ýaşaýyş ýerleri abadanlaşdyrylýar.

Şu günler şäheriň ýaşaýyş jaý gorundaky jaýlary we durmuş maksatly beýleki desgalary toplumlaýyn abatlamak, şu möhletler boýunça göz öňünde tutulan ähli binalaryň bellenilen möhletlerde gurulmagyny üpjün etmek, ulaglaryň köplügi sebäpli, ýol hereketinde döreýän bökdençlikleri aradan aýyrmak maksady bilen, täze ulag we inženerçilik üpjünçilik ulgamlaryny döretmek, ýerasty geçelgeleri we köprüleri gurmak boýunça işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe şäheriň has köp gatnawly köçelerinde kadaly ýol hereketini guramaga mümkinçilik berer.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru