Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli medeni çäreler geçiriler

19:1411.02.2015
0
2495

Aşgabat, 11.02.2015, “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky  ilçihanasynda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini gazanmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanyp, 10-njy fewralda metbugat konferensiýasy geçirildi. Bu barada “russian.china.org.cn” saýty habar  berýär. Oňa Hytaýyň habar beriş serişdeleriniň we döwlet kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň HHR-däki Adatdan daşary we Doly ygytýarly ilçisi Çynar Rüstemowa şu ýylyň 20-nji dekabrynyň Türkmenistanyň taryhyndaky wajyp seneleriň biridigini, sebäbi şol gün türkmen halkynyň Bitaraplyk derejesini almagyna 20 ýyl dolýandygyny nygtady.

Bitaraplyk derejesi Türkmenistana halkara arenasynda dünýä ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş etmäge mümkinçilik berýär. Muňa mysal edip, Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Sammitini, parahatçylygy gorap saklamak, energiýa serişdeleriniň üpjünçiligi, daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürlen we gyzgyn goldaw tapan teklipleri görkezmek bolar.

Bitaraplyk derejesi we açyk gapylar syýasaty Türkmenistana dünýäniň dürli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga we iri taslamalary bilelikde amala aşyrmaga giň ýol açdy. “Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý” gaz geçirijisini şolaryň hatarynda görkezmek bolar.

- Hytaýyň Pekin, Sian, Lançžou, Haýkou, Sinin şäherlerinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli medeni çäreler geçiriler – diýip, ilçi sözüniň soňunda belläp geçdi.

2014-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenabatda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulylarynyň maslahatynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň