Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Ýangyç-energetika toplumy dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrar

11:2611.02.2015
0
9896

 Aşgabat, 11.02.2015. “Türkmenportal”.

Ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini çaltlandyrmak, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň çykarylyşyny artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerini çözmekde ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir — diýip, “Nebit-gaz” gazeti belleýär.

Türkmenistan öz “altyn goruna” — uglewodorod serişdelerine buýsanmaga doly haklydyr, olar häzirki wagtda nebit ekwiwalentinde 71,21 milliard tonna möçberde kesgitlenilýär. Tebigy gazyň gorlary boýunça Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň birinji dörtlüginiň hataryna girýär. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň köpugurly düzümini döretmek, gazyň iberilýän ýurtlaryny tapgyrlaýyn artdyrmak Türkmen döwletiniň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmaga, şeýle hem dünýäniň energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmäge ýardam etmelidir.

Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijiniň gurulmagy onuň aýdyň mysalydyr. Türkmenistanyň, goňşy ýurtlar bolan Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden çekilen, uzynlygy Hytaý Halk Respublikasynyň serhedine çenli 1800 kilometrden gowrak bolan gaz geçiriji — XXI asyryň ägirt uly inženerçilik-tehniki desgalarynyň biridir.

Ýakyn ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa iberilýän “mawy ýangyjyň” möçberini 65 milliard kubmetre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijiniň dördünji şahasyny (D şahasyny), şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini çekmek boýunça taslamalar işlenilýär. Bulardan başga-da, “Gündogar — Günbatar” baş gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamak boýunça işler güýçli depginlerde alnyp barylýar, ol ýurdumyzyň gaz ýataklaryny bir bitewi gaz geçiriji ulgama birleşdirmäge mümkinçilik berer. Dünýäde iri “Galkynyş” gaz känini, Amyderýanyň sag kenaryndaky uglewodorod ýataklaryny we Hazaryň deňiz ýataklaryny senagat taýdan gurmak maksatnamasy amala aşyrylar. Ol nebit we gaz pudagynyň çig mal binýadyny ep-esli berkitmäge mümkinçilik berer — diýip, gazet belläp geçýär.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň