Türkmenistayň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasyna boljak saparynyň çäklerinde işewürler maslahaty geçiriler

01:4911.02.2015
0
2634

Aşgabat, 11.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkiýede milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda doganlyk türkmen halkynyň düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan üstünlikleriniň ruhubelentlik bilen kabul edilýändigini belledi.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, dürli ulgamlarda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp geçdiler.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň şu ýylyň martynda Türkiýe Respublikasyna boljak saparynyň çäklerinde geçirilmegi göz öňünde tutulýan nobatdaky işewürler maslahaty hem hut şeýle maksatlara gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň