Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň “Altyn asyry” AFK-nyň Kubogyndaky Ýemeniň çempionyna garşy geçiren ilkinji duşuşygyny şowsuz tamamlady

21:3610.02.2015
0
6726

 Aşgabat, 10.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň häzirki çempiony paýtagtyň “Altyn asyry” şu gün “Aşgabat” stadionynda geçiren ilkinji saýlama duşuşygynda Ýemeniň “Al-Sakryndan” 0:1 hasabynda asgyn gelip, AFK-nyň Kubogyndaky çykyşyny tamamlady.

Täze futbol möwsüminiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary milli ýygyndynyň oýunçylarynyň birnäçesi, şol sanda HTTU-nyň öňki hüjümçisi, AFK-nyň prezidentiniň soňky ýaryşynyň iň gowy hüjümçisi Süleýman Muhadow bilen düzümini güýçlendirdi. Şonuň üçinem, toparyň janköýerleri AFK-nyň Kubogynda 2007 — 2011-nji ýyllar aralygynda geçiren 12 duşuşygynda ýeke gezek hem ýeňiş ýüzüni görmedik toparyň garşysyna boljak oýundan diňe oňat netijä garaşýardylar. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtlerine tapawutlanmaga birinji we ikinji ýarymlarda-da amatly pursatlar az bolmady. Eýýäm arakesmä çenli Myrat Annaýew we toparyň kapitany Ahmet Ataýew oýnuň ykbalyny “Altyn asyryň” peýdasyna çözüp biljekdiler. Ýöne birinji ýagdaýda ýemenli goragçy derwezä girip barýan pökgini yzyna gaýtarsa, ikinji ýagdaýda jerime meýdançasynyň çyzygyndan gönükdirilen pökgi derwezäniň germewinden sähelçe santimetr sowa geçdi.

Myhmanlar köp wagty goragda geçirdiler we wagtal-wagtal çalasyn garşylyklaýyn hüjüm etdiler. Şolaryň birinde, 67-nji minutda duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilen Tawfik Ali derwezeçi Mämmet Orazmuhammedow bilen bir-bire çykyp, “Al-Sakry” öňe saýlady — 0:1.

Galan wagtda “Altyn asyryň” futbolçylary hasaby deňlemäge çalyşdylar. Ýöne olara Ýemeniň üç gezek çempionynyň derwezesinden pökgi geçirmek başartmady.

Netijede “Al-Sakr” AFK-nyň Kubogynda özi üçin taryhy ýeňiş gazandy. Indi bu topar toparça düşmek üçin 17-nji fewralda Bahreýniň “Al-Hiddi” bilen güýç synanyşar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň