Ýemeniň çempiony “Altyn asyr” bilen bolan duşuşykda öňe çykdy

0
564
0
0

Aşgabat, 10.02.2015. “Türkmenportal”.

Şu gün türkmen futbol söýüjileriň ähli ünsi “Aşgabat” stadionyna gönügdi. Şu pursatda bu ýerde AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama tapgyrda Türkmenistanyň we Ýemeniň çempionlary “Altyn asyr” bilen “Al-Sakryň” arasyndaky duşuşyk dowam edýär. Bu Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary üçin Aziýanyň ikinji derejeli klub bäsleşiginde ilkinji synagdyr.

Birinji ýarymda hasaby açmaga iki toparda hem mümkinçilik az bolmady. Ýöne goragçylar we derwezeçiler dürs oýun görkezdiler. Netijede garşydaşlara birinji ýarymda hasaby açmak başartmady. — 0:0.

Ikinji ýarymda myhmanlar çalasyn hüjüm geçirip, öňe çykdylar — 1:0. Häzirki minutlarda Türkmenistanyň çempiony hasaby deňlemäge çalyşýar, oýun dowam edýär.

“Altyn asyr” — “Al-Sakr” jübütiniň ýeňijisi toparça çykmak üçin indiki saýlama tapgyrynda 17-nji fewralda “Al-Hidd” (Bahreýn) bilen myhmançylykda duşuşar. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru