Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň halk suratkeşleriiň sergisi açyldy

19:0310.02.2015
0
10566

Aşgabat, 10.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda halk suratkeşleri heýkeltaraş Babasary Annamyradow bilen gobelençi Annaguly Hojagulyýewiň işleriniň sergisi açyldy. Onda tanymal ussatlar tarapyndan soňky 15 ýylda döredilen eserleriň 30-dan gowragy ýerleşdirildi. Akademiýanyň heýkeltaraşlyk we halyçylyk boýunça tejribeli mugallymlary bu döredijilik ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin “ussatlyk derslerini” geçdiler.

Babasary Annamyradowyň döredijiligi öz zehin tebigaty boýunça hakyky durmuşa ýakyn bolsa-da, umuman, suratkeş turuwbaşdan owadan şekillere ýykgyn edýär. Muňa onuň “Ömür daragty”, “Garaşmak” ýaly irki eserleri we “Gökdepe mukamy” ýaly soňky döreden işleri güwä geçýär.

Dürli materiallara ussatlarça erk etmek bilen, awtor umumylaşdyrylan owadan heýkeltaraşlyk kompazisiýasyna diýseň ýerine düşüp duran terrakotadan, toýundan, agaçdan peýdalanýar. Heýkeltaraşyň döredijiliginiň häzirki döwri durmuşyň manysy, adamyň gözelligi we onuň borjy baradaky pelsepewi garaýyşlary özünde jemleýär.

Alma hem nar Gündogarda ir döwürlerden bagtyň, hasyllygyň nusgasy hasaplanyp gelinýär. Milli ýaşyl köýnekli gyz, hasyllylygyň rim zenan hudaýy, Pomona ýa-da Ýewa, eli almaly türkmen gyzy... Awtor sungat muşdaklarynyň aňyna we kalbyna täsiri güýçlendirmek üçin serişde gözleýär. Köp reňkli heýkel (reňke boýalan agaç) Babasary Annamyradowyň döredijiliginde wajyp orun eýeleýär. Awtoryň pikiriçe, diňe daşky görnüş däl, eýsem, reňk hem pikiri beýan etmegiň esasy serişdesi bolup durýar.

Gobeleniň ykrar edilen ussady Annaguly Hojagulyýew türkmen halyçylyk sungatynyň Türkmenistanda 1970-nji ýyllarda dörän täze bir ugrunyň — gobeleniň düýbüni tutujylaryň biri bolup durýar. Aýaly, halk ussady Sülgün hem onuň bilen bile işleýär, hünär ökdeliginde we çeper oýlap tapmalarda adamsyndan kem galanok. Olar bilelikde sungatyň bu görnüşinde nusgawy eserlere öwrlen köp sanly gobelenleri döretdiler. Gobelençiler öz işlerinde ýüň, pagta ýüpek we dokmaçylygyň dürli usullaryny inçelik bilen ulanyp, olaryň özboluşly taraplaryny açyp görkezýärler. Suratkeşleriň türkmen sungatynyň däp bolup gelýän aýratynlyklaryny, reňk täsirliligini täze röwüşde janlandyrdylar.

Zehinli suratkeşleriň bu sergide ýerleşdirilen wajyp işleri milli sungatyň däplerini dowam etdirmeli ýaş suratkeşler üçin nusgalyk mekdepdir.

Tanymal ussatlaryň işleri bilen “Türkmenportal” habarlar saýtynyň diňe biziň ýurdumyzdaky däl, eýsem, daşary ýurtlardaky okyjylary hem giňden ýaýratmaga ýetişen “Fotoreportaž” rubrikasy arkaly tanşyp bilerler.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň