Soňky habarlar

Arhiw

“Gulbaba” baýragyna mynasyp bolan “Oguz ýaýlasy” topary Baýdak baýramyna taýýarlanýar

11:1510.02.2015
0
9161

Aşgabat, 10.02.2015, “Türkmenportal”

 Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda gurlan täze mekdebiň belent binasy 2009-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda ulanylmaga berildi. Mekdebe Türkmenistanyň bilim ulgamyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan, watançy esger Berdimuhamet Annaýewiň ady dakyldy.

Täze mekdebiň mugallymlary ösüp gelýän ýaş nesli ajaýyp döwrümize mynasyp adamlar edip ýetişdirmek üçin yhlasly zähmet çekip başladylar. Mekdepde etrap, welaýat, döwletimiz boýunça köpçülik çäreleri has netijeli guralyp başlandy. Şol dabaraly çärelerde çagalaryň aýdym-sazly çykyşlarynyň gerekdigi aýdyň duýuldy.

Müdir kärdeşleri bilen maslahatlaşyp, mekdepde çagalardan düzülen dutarçylar toparyny döretmegi makul bildi. Şeýlelikde, “Oguz ýaýlasy” atly dutarçylar topary döredildi. Oňa Türkmen milli konserwatoriýasyny tamamlan aýdym-saz mugallymy Öwezmyrat Agalyýew ýolbaşçy bellendi. Okuwçylaryň arasynda aýdym-saz sungatyna höwesliler has köp boldy.

Dutarçylar toparynyň agzalary diňe saz çalmak bilen çäklenmeýärler. Olar köpçülik bolup we ýekelikde aýdym aýdýarlar. Aýdymçylaryň uly joşgun bilen ýerine ýetirýän aýdymlary tomaşaçylar tarapyndan örän oňat garşylanýar.  

Öwezmyrat mugallym bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol:

- Biziň dutarçylar toparymyzda aýdym-saza höwesli okuwçylaryň 15-si bar. Ýaş sazandalarymyzyň we aýdymçylarymyzyň etrap, welaýat möçberinde edýän çykyşlary höwes bilen garşylanýar. Şu günler bolsa welaýatymyzda Baýdak baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görýäris – diýip, gürrüň berdi.

Aýdym-sazyň ýaşajyk muşdaklary täzelikde şatlykly habaryň şaýady boldular. Mekdebiň “Oguz ýaýlasy” atly dutarçylar topary Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy bilen sylaglandy. Ýeri gelende bellesek, mekdebiň ozalky okuwçysy Annadursun Meredowa hem göreldeli okanlygy, köpçülik çärelerine işjeň gatnaşanlygy üçin şu baýraga mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň