9-njy fewral taryhda

12:2009.02.2015
0
3340

Aşgabat, 09.02.2015. “Türkmenportal”.

2010-njy ýyl — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady.

2009-njy ýyl — şäher geňeşiniň karary bilen Dalaý-lama Rimiň hormatly ýaşaýjysy boldy.

1969-njy ýyl — “Boing — 747” uçarynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy.

1960-njy ýyl — Golliwudyň şöhrat seýilgähinde Jon Wudwarda degişli bolan ilkinji ýyldyz goýuldy.

1948-nji ýyl — Tokioda Bütindünýä Aýkikaý aýkido merkezi esaslandyryldy.

1931-nji ýyl — “Soýuzkino” merkezi fabriginiň (häzirki “Mosfilm”) dabaraly açylyşy we ilkinji surata düşüriliş güni boldy.

1924-nji ýyl — Azerbaýjan SSR-niň düzüminde Nahiçewan ASSR-i döredildi.

1920-nji ýyl — Parižde arhipelogyň halkara-hukuk derejesini kesgitlän Şpisbergen ylalaşygyna gol çekildi.

1900-njy ýyl — 20 ýaşly amerikaly tennisçi Dwaýt F. Dewiň öz adyna döredilen Dewisiň Kubogy ugrundaky ýaryşy esaslandyryldy.

1895-nji ýyl — woleýboluň döredilen güni. 1895-nji ýylyň 9-njy fewralynda massaçusets amerikan ştatynyň Holioke şäherinde, ýaş hristianlaryň Assosiasiýasynyň sport zalynda UMSA-nyň (Ýaşlar Hristian Guramasynyň) bedenterbiýe boýunça ýolbaşçysy Uilýam Morgan (1870 — 1942) pökgüli toparlaýyn oýny oýlap tapdy.

1885-nji ýyl — Russiýada ilkinji muzdsuz kitaphana — Moskwada Iwan Sergeýewiç Turgenow adyndaky okalga açyldy.

Halkara stomatologiýa güni  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň