Türkmenistanda şu ýylyň martynda milli emeli hemrany älem giňişligine çykarmak meýilleşdirilýär

0
1838
13
3

Aşgabat, 09.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi milli emeli hemrany şu ýylyň martynda älem giňişligine çykarmak boýunça jemleýji taýýarlyk işlerini alyp barýar.

Häzirki wagtda Türkmenistana “Gazprom, kosmiki gurluşlara” degişli “Ýamal” russiýa hemrasy hyzmat edýär. Bu hemra arkaly milli sanly we Russiýanyň teleýaýlymlarynyň Türkmenistanyň çägindäki görkezilişi üpjün ediler.

Öz milli hemramyzyň peýda bolmagy teleýaýlymlaryň sanyny artdyrmaga, halkara magistral gepleşiklerini taýýarlamaga, maglumatlary toplumlaýyn alyp barmaga, şol sanda aragatnaşyk arkaly bilim almaga we lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, ýokary hilli telefon aragatnaşygyny üpjün eder.

Şeýle-de, emeli hemranyň älem giňişligine çykarylmagy ykdysady taýdan hem bähbitli ädim bolup durýar. Ýurduň esli çägini tutýan emeli hemranyň bolmagy Türkmenistana tranzit tarapy hökmünde Ýewropanyň we Aziýanyň teleýaýlymlaryny alyp görkezmäge şert döreder.     

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru