Ahal welaýatynda aýna we aýna önümleriniň önümçiligi boýunça kärhana gurlar

0
1050
0
0

Aşgabat, 09.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we senagat pudagyny ösdürmegiň 2012- 2016-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde, şeýle hem ýurdumyzda aýna önümlerine bolan islegleri doly kanagatlandyrmak maksady bilen Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Owadandepe obasynda aýna we aýna önümlerini öndürýän kärhana gurlar.

Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň aýna we aýna önümlerini öndürýän kombinatyny gurmak barada geçiren halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça daşary ýurt kompaniýalarynyň arasyndan potratçy kesgitlenildi. Ol degişli pudagara toparynyň garamagyna şu taslama boýunça döwrüň talaplaryna laýyk gelýän teklipleri hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudagynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine ynamly çykýandygyny belledi. Köp sanly senagat desgalarynyň yzygiderli ulanmaga berilmegi hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmak arkaly, sebitlerde pudaklaryň önümçilik düzümini döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň möhletinde durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belläp, aýna senagatyny has-da ösdürmegiň, bu pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek täze aýna we aýna önümlerini öndürýän kombinat ekologiýa howpsuzlygynyň ähli talaplary göz öňünde tutuljak ýurdumyzyň möhüm senagat desgalarynyň biri bolar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru