Daşary ýurt kompaniýalary V Aziýa oýunlaryna türkmen operatorlaryny, sport teswirleýjilerini we habarçylaryny taýýarlar

13:1908.02.2015
0
4782

Aşgabat, 08.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesinden 2017-nji ýylda aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça ?? Aziýa oýunlaryny milli telewideniýe we birnäçe daşary ýurt teleýaýlymlarynda göni ýaýlym arkaly ýokary halkara derejesinde görkezilmegini guramak boýunça teklipler gelip gowuşdy.

Şeýle hem bu kompaniýalar türkmen hünärmenlerini (operatorlary, sport habarçylaryny, teswirleýjileri we žurnalistleri) taýýarlamak, ähli sport desgalaryndaky telewizion enjamlaryň gurnalyşyna gözegçilik etmek, bilelikdäki döredijilik we tehniki hyzmatlaryny halkara telewizion bazaryna çykarmak ýaly birnäçe meseleler boýunça öz hyzmatlaryny hödürleýärler. Häzirki wagtda şu ugurda bilelikde işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Aşgabat, 08.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine daşary ýurt kompaniýalarynyň birnäçesinden 2017-nji ýylda aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny milli telewideniýe we birnäçe daşary ýurt teleýaýlymlarynda göni ýaýlym arkaly ýokary halkara derejesinde görkezilmegini guramak boýunça teklipler gelip gowuşdy.

Şeýle hem bu kompaniýalar türkmen hünärmenlerini (operatorlary, sport habarçylaryny, teswirleýjileri we žurnalistleri) taýýarlamak, ähli sport desgalaryndaky telewizion enjamlaryň gurnalyşyna gözegçilik etmek, bilelikdäki döredijilik we tehniki hyzmatlaryny halkara telewizion bazaryna çykarmak ýaly birnäçe meseleler boýunça öz hyzmatlaryny hödürleýärler. Häzirki wagtda şu ugurda bilelikde işlemegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň