Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen arheologlary we olaryň daşary ýurtly kärdeşleri Gadymy Margiananyň çäginde barlaglary geçirerler

11:3808.02.2015
0
5980

Aşgabat, 08.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Jorj Waşington adyndaky uniwersitetiň (ABŞ) arasynda baglaşylan Ylalaşyga görä, biziň ýurdumyzda arheologik barlaglar geçiriler.

Bu abraýly amerikan ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri türkmen alymlary bilen bilelikde öň Mary welaýatynyň Garagum etrabynda, Gadymy Margiananyň çäginde halkara arheologik toparyň düzüminde gözleglere gatnaşyp görüpdiler. Ylalaşyk bu işiň indiki bäş ýylda dowam etdirilmegini göz öňünde tutýar.

Halkara arheologik toparyň Gadymy Merwdäki ýadygärliklerde geljekki işi alyp barjak taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamaga, öwrenmäge we gaýtadan dikeltmäge ýardam berer. Türkmen arheologlarynyň we olaryň daşary ýurtly kärdeşleriniň bilelikdäki işiniň, açyşlarynyň dünýä ylmy bileleşiginde ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny we bilermenlik bahasyny alandan soň, tanyşdyrmak üçin giň jemgyýetçilige hödürleniler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň