Soňky habarlar

Arhiw

8-nji fewral taryhda

11:1108.02.2015
0
3257

Aşgabat, 08.02.2015. “Türkmenportal”.

2012-nji ýyl — Ýurduň daşary işler ministrliginde GDA gatnaşyjy döwletleriň ynsanperwer hyzmatdaşlyk baradaky Hökümetara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Armen Smbatýanyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana gelen wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi.

2002-nji ýyl — Solt-Leýk-Sitide (ABŞ) XIX gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy.

1992-nji ýyl — Alberwilde (Fransiýa) XVI gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy.

1984-nji ýyl — Saraýewoda XIV gyşky Olimpiýa aýunlary açyldy.

1971-nji ýyl — NASDAQ biržasynda ilkinji geleşikler amala aşyryldy.

1969-njy ýyl — Meksikanyň Çiuaua ştatynda iki burçluk Allende meteoridi gaçdy.

1931-nji ýyl — Hindistanyň täze paýtagtynyň Nýu-Deliniň dabaraly açylyşy boldy.

1929-njy ýyl — Nikolaý Kamow öz oýlap tapan uçuş enjamyny şol wagta çenli ulanylan “gelikopter” adalgasyny üýtgedip, “wertolýot” diýen täze söz bilen atlandyrdy. Şeýlelikde, rus dilinde täze “wertolýot” diýen söz emele geldi.

1918-nji ýyl — Gruziýanyň iň baýry ýokary okuw mekdebi — Tblisiniň Iwane Jahawişwili adyndaky döwlet uniwersiteti esaslandyryldy.

1905-nji ýyl — Russiýada daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň nusgasynda professor L. Ý. Wladimirow tarapyndan guralan žurnalistler üçin ilkinji okuwlar açyldy.

1837-nji ýyl — Peterburgda Puşkin bilen Dantesiň arasyndaky başa-baş atyşyk boldy.

1816-njy ýyl — polisiýa işinde ilkinji gezek it ulanyldy.

1724-nji ýyl — Pýotr I-iň permany bilen Russiýanyň Ylymlar we çeperçilik akademiýasy döredildi.

1672-nji ýyl — Isaak Nýuton yşygyň we reňkiň teoriýasy barada çykyş etdi.

421-nji ýyl — Konstantin III Günbatar Rim imperiýasynyň imperatory boldy.

Russiýa, Harby topografyň güni. Russiýada her ýylyň 8-nji fewralynda bu baýram bellenilýär. Ol 2004-nji ýyldan resmi taýdan ýola goýuldy.

Sloweniýa, Preşerniň güni. Bu ýurtda bellenilýän slowan medeniýetiniň baýramy Preşerniň güni diýlip atlandyrylýar. Franse Preşern (1800-nji ýylyň 3-nji dekabry — 1849-njy ýylyň 8-nji fewraly) — belli slowan şahyry, slowan edebi esaslandyran adam, romantizmiň wekili, ol nemes dilinde hem eser döredipdir.

Russiýa, Rieltoryň güni.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň