Soňky habarlar

Arhiw

“Ahala” AFK-nyň Kubogynda güýçli garşydaş bilen duşuşyk garaşý

21:5407.02.2015
0
3393

Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky tapgyrynda Türkmenistanyň Kubogyny iki gezek eýelän “Ahal” güýçli garşydaş, Gyrgyz Respublikasynyň dokuz gezek çempiony bolan Bişkegiň “Dordoýy” bilen duşuşar.

9-njy fewralda Aşgabatda geçiriljek bu duşuşyga taýýarlygyň çäklerinde gyrgyzlylar 21-nji ýanwar — 4-nji fewral aralygynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçdiler. Olaryň ikisinde ýeňiş gazanyp, ikisinde bolsa ýeňildi.

Gyrgyz toparynyň metbugat gullugynyň habarlaryna görä, 23-nji ýanwarda “Dordoý” Ukrainanyň “Ilýiçewesinden” asgyn geldi — 1:2. 26-njy ýanwarda Yragyň ýokary ligasynyň wekili “Zakhony”, 28-nji ýanwarda Hytaýyň naýbaşy ligasynyň toparyny, geçen ýylda Hytaýyň futbol assosiasiýasynyň Naýbaşy Kubogyny eýelän “Güýçžou Ženheni” ýeňlişe sezewar etdi. 2-nji fewralda bolsa Gruziýanyň ýokary ligasynda çykyş edýän “Kolheti-Potiden” ýeňildi.

“Ahala” garşy geçiriljek duşuşygyň öňüsyrasynda Bişkegiň “Dordoýy” milli ýygyndynyň dört oýunçysy bilen düzümini güýçlendirdi. Oşuň “Alaýynyň” oýunçylary Almazbek Mirzaliýew, Şerzod Şakirow, şeýle hem Kandyň “Albyş-atasynda” çykyş eden Kaýrat Žyrgalbek uulu we Marat Ajinyýazow bilen iki ýyla niýetlenen şertnama baglaşdy.

Umuman alnanda, “Dordoýda” milli ýygyndynyň 13 oýunçysy çykyş edip, olary bu toparyň baş tälimçisi Aleksandr Kostin 31-nji martda Bişkekde Owganystanyň ýygyndysyna garşy geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygyna çagyrylan otuz üç futbolçynyň giňeldilen sanawyna goşdy. Olaryň arasynda Maksim Agapow, Azamat Baýmatow, Talant Samsaliýew, Denile Tego, Şerzot Şakirow, Marat Ajinyýazow, Kursan Şeratow, Tamirlan Kozubaýew, Mustafa Ýusupow, Kaýrat Žygalbek uulu, Wadim Harçenko, Almazbek Mirzaliýew, Dewid Tette dagy bar.

Bulardan başda-da, daşary ýurtly futbolçylar hem “Dordoýyň” oýnuna öz täsirini ýetirýär. Olaryň arasynda ýarym goragçylar Žankarlo Prewiatony (Braziliýa), Adyl Mohammady (Pakistan), Perisa Stançeskini (Serbiýa), hüjümçi Kalimullany (Pakistan) bellemek bolar.

“Dordoýa” serbiýaly hünärmen Zawişa Milosawlewiç ýolbaşçylyk edýär.

«Dordoý» futbol klubunyň düzümi

Derwezeçiler: Wladislaw Wolkow, Maksim Agapow, Ruslan Janybekow.

Goragçylar: Talant Samsaliýew, Kursan Şeratow, Adyl Bekbolotow, Azamat Baýmatow, Dawron Askarow, Deniýel Tego, Şerzot Şakirow

Ýarym goragçylar: Islam Şamşiýew, Marat Ajiniýazow, Wadim Harçenko, Žankarlo Prewiato (Braziliýa), Adyl Mohammad (Pakistan), Kaýrat Žyrgalbek uulu, Perisa Stançeski (Serbiýa), Awazbek Otkeýew.

Hüjümçiler: Kalimulla (Pakistan), Almazbek Mirzaliýew, Dewid Tette.

Toparyň prezidenti — Askar Salymbekow.

Wise-prezidenti — Şarşenaly Kasenow.

Wise-prezidenti — Yrysbek Maatkabylow.

Baş direktory — Boris Podkorytow.

Baş tälimçisi — Zawişa Milosawlewiç (Serbiýa).

Tälimçisi — Anarbek Ormomekow.

Tälimçisi — Murat Jumakeýew.

Derwezeçileriň tälimçisi — Stewan Miçiç (Serbiýa).

Massažçy — Igor Babynin.

Lukmany — Sergeý Soý.

Menejeri — Azamat Kaldybaýew.

Geçen ýyl “Dordoý” Gyrgyz Respublikasynyň çempiony we Kubogynyň eýesi bolup, Aziýanyň ikinji derejeli klub ýaryşynda — AFK-nyň Kubogy ugrundaky bäsleşikde çykyş etmäge hukuk gazandy.      

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň