Arhiw

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Halkara maslahatyň işine gatnaşdy

20:5607.02.2015
0
7993

Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň başlygynyň orunbasary Nýu-Ýorkda guralan Halkara ýaşlar maslahatynyň işine gatnaşdy.

Nýu-Ýorkda, BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we durmuş geňeşiniň ýardam bermeginde “Ýaşlary ösüş Maksatnamalaryndan durnukly ösüş Maksatlaryna çekmek” mowzugynda Halkara ýaşlar maslahaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň başlygynyň orunbasary A. Magtymow gatnaşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň EKOSOS-yň başlygy M. Saýdik bilen bolan duşuşygynda, ol Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşniýetli sözlerini aýtdy.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun maslahatda eden çykyşynda dünýä ilatynyň deň ýarynyň 25 ýaşa çenli bolan ýaşlardygyny, hemmeler üçin mynasyp durmuşy üpjün etmegiň hem hut şolara baglydygyny aýtdy.

2013-nji ýylyň awgustynda Türkmenistanda “Döwlet ýaşlar syýasaty barada” Kanun kabul edilip, onda ýaş nesle döwlet tarapyndan goldaw bermegiň wajyp ugurlary kesgitlenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň